Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan ilkinji gezek zenanlaryň arasyndaky Küşt boýunça Dünýä çempionatynda çykyş edýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistan ilkinji gezek zenanlaryň arasynda geçirilýän küşt boýunça Dünýä çempionatyna gatnaşýar. 5-29-njy iýul aralygynda Gürjüstanyň Batumi şäherinde geçýän ýaryşda ýurda FIDE ussady Läle Şöhradowa wekilçilik edýär.

Dünýäniň iň güýçli 107 zenan küştçsüniň gatnaşýan bu çempionaty olimpiýa kadalaryna laýyklykda geçirilýär, ýagny utulan oýunçy ýaryşdan çykýar.

19 ýaşly türkmen küştçüsi ilkinji oýnuny hindistanly grossmeýster Agrawal Wantiku garşy geçirer. Şöhradowanyň FIDE reýtingi 2135, onuň garşydaşynyňky 2388-e deň.

Türkmen resmi maglumatyna görä, Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň ýaşaýjysy Şöhradowa ozal Türkmenistanyň çempiony we ýetginjekleriň arasynda geçirilen halkara ýaryşlarynyň ýeňijisi boldy.

XS
SM
MD
LG