Şwesiýadan deportasiýa edilen bosgunlyk islän täjigistanly 8 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi

Farhod Negmatow

Şwesiýadan 2024-nji ýylyň ahyrynda Täjigistana deportasiýa edilen bosgunlyk gözleýji Farhod Negmatow, Täjigistanda gadagan edilen “Hizb ut-Tahrir” guramasynyň agzasy bolmakda aýyplanyp, sekiz ýyl azatlykdan mahrum edildi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugy “Radio Ozodi” habar berýär.

Höküm şu ýylyň maý aýynyň aýagynda Sogd welaýatynyň Bobojon Gafur etrap kazyýeti tarapyndan çykarylypdyr. Emma bu barada maglumat diňe häzir mälim boldy.

Negmatowyň kazyýetdäki öz pozisiýasy mälim edilmedi. Ýöne onuň garyndaşlary onuň hiç haçan haýsydyr bir syýasy ýa-da dini gurama agza bolmandygyny aýdýarlar.

Farhod Negmatow üç sany kiçi gyzy bilen bilelikde 2024-nji ýylyň dekabr aýynda Şwesiýadan deportasiýa edilipdi we yzyna dolanandan soň bada-bat Täjigistanda tussag edilipdi. Ol mundan öň maşgalasy bilen Ukrainada ýaşapdy. Ukrainada uruş başlansoň, ol maşgalasy bilen Şwesiýanyň Göteborg şäherine göçüp baryp, bosgunlyk hukugyny sorap birnäçe gezek ýüz tutupdy.

Negmatowyň Şwesiýadan deportasiýa edilmegi halkara hukuk goraýjy guramalary tarapyndan berk tankyt edilipdi. Bu wakanyň yz ýany bilen onuň şwesiýaly aklawçysy Ýewropanyň Adam hukuklary boýunça kazyýetine şikaýat bilen ýüz tutdy.

Negmatow Täjigistana getirileninden soň, fewral aýyndan başlap Hujand şäherindäki wagtlaýyn tussaghanada saklanypdyr. Höküm çykarylandan soň, ol paýtagt Duşenbedäki “Birinji Sowet” diýlip tanalýan adyýaman türmä geçirildi.

Bu täjik bosgunlarynyň Ýewropa ýurtlaryndan deportasiýa edilenden soň, yzyna dolanyp gelen badyna uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm edilmegi bilen bagly ilkinji ýagdaý däl.